Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara ekspertleri türkmen žurnalistleri bilen seminar geçirdiler


Aşgabatda metbugat wekilleri üçin iki günlük seminar geçirildi.

Seminaryň žurnalistleriň adam hukuklary babatdaky bilimini ýokarlandyrmaga we habar žurnalizmi pudagyndaky professional taýýarlygy güýçlendirmäge bagyşlanandygy aýdylýar.

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, seminar interaktiw formasynda geçirilipdir we türkmen žurnalistleri habar sýužetlerini, interwýulary we beýleki materiallary taýýarlamak boýunça praktiki gollanmalar bilen tanşypdyrlar.

Seminary, halkara eksperti, BMG-niň maýyplaryň hukuklary baradaky komitetiniň agzasy Mohammed Al-Tarawenahanyň kömekleşmeginde köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça halkara eksperti Marek Bekerman alyp barypdyr.
XS
SM
MD
LG