Sepleriň elýeterliligi

Fergana jülgesinde 6,2 bally ýer titremesi boldy


Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gözegçiligi Merkezi Aziýanyň Fergana jülgesinde 6,2 bally ýer titremesiniň bolandygyny aýdýar.

Ýer yranmasynyň episentriniň gyrgyz paýtagty Bişkegiň 400 km güngorta-günbatarynda, özbek şäheri Fergananyň bolsa, 40 km çemesi günorta-günbatarynda bolandygy aýdylýar.

Ýer titremesiniň ýetiren zyýany we pidalar barada maglumat ýok.

Andijan şäherinde, er yranmasynyň episentrinden 100 km çemesi uzaklykda adamlar jaýlaryndan çykyp, dowla düşüp, köçelerde durdular.

Orsýetiň ýaýradan habarlarynda ýer titrmesiniň täjik paýtagty Duşanbede, ýer yranan ýeriň 300 km çemesi günorta-günbatarynda hem duýlandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG