Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” öz lideri Molla Omaryň ölendigini ret etdi


“Talybanyň” metbugat wekili bu hereketiň ýokary derejeli lideri bolan Molla Omaryň ölendigi baradaky habary ret etdi. Onuň aýtmagyna görä, olaryň telefon ýazgylaryna syzylypdyr we ýalňyş SMS ugradylypdyr.

“Talybanyň” metbugat wekilleriniň biri bolan Zabiullah Mujahid bu ýalan maglumatlaryň arkasynda “amerikan razwedkasy” dur diýdi we ar almaga söz berdi.

Mujahidiň we ikinji metbugat wekili Muhammat Kari Ýusufyň ulanan telefonlaryndan “ruhy liderimiz Molla Muhammad Omar Mujahid öldi. Alla oňa iman baýlygyny bersin” diýlip ýazylan SMS ýaýradyldy.
XS
SM
MD
LG