Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň resmileri 14 söweşiji öldürildi diýýär


Hytaýyň metbugatynyň berýän maglumatyna görä, şu hepdäniň başynda ýurduň günbatar sebitindäki polisiýa merkezine hüjüm edilende 14 söweşiji öldürilipdir.

Resmi “Ksinhua” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, söweşijiler 20-40 ýaş aralygynda bolup, olar duşenbe güni Sinszýan regionyndaky polisiýa merkezine hüjüm edenlerinde “Alla - ýeke-täk Taňrydyr!” diýip gygyrypdyrlar.

Mundan öň, bu wakalarda polisiýa tarapyndan diňe “ençeme” adamyň öldürilendigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG