Sepleriň elýeterliligi

Somaliniň günortasyndaky iki regionda açlyk başlandy


Birleşen Milletler Guramasy Somaliniň günortasyndaky iki regionda açlygyň başlanandygyny resmi taýdan yglan etdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, açlyk sebäpli häzire çenli onlarça adam ölüpdir. Somali soňky onlarça ýylyň dowamyndaky iň ýowuz gurakçylygy başdan geçirýär.

BMG-niň Somali boýunça gumanitar utgaşdyryjysy Mark Bowden şeýle diýýär: “Somaliniň käbir böleklerinde açlyk adatdan daşary derejä ýetdi. Bäş ýaşdan aşakda bolan çagalaryň 50% zerur iýmit ýetmezçiliginden mahrum”.

Somaliniň gündogary ençeme yslamçy toparlaryň, şol sanda “Al-Kaýda” bilen ilteşikli toparlaryň gözegçiliginde saklanýar.

Iki ýyl mundan öň, olar regiona daşary ýurtdan getirilýän gumanitar kömege gadaganlyk girizipdiler. Bu gadaganlyk ýakynda belli bir derejede ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG