Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deýwid Kameron britan parlamentinde sorag edildi


“News of the World” neşiriniň adamlaryň telefon ýazgylaryny bikanun diňlemegi boýunça dörän galmagal sebäpli Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron ýurduň parlamentinde sorag edildi.

Kameron “News of the World” gazetiniň ozalky redaktory Andi Koulsony geçen ýyl näme üçin özüniň aragatnaşyk boýunça baş resmisi edip belländigini düşündirdi.

Koulson şu aýyň başynda “News of the World” gazetiniň telefonlary bikanun diňlemeginden habarly bolandygyndan şübhelenilip, tussag edilipdi.

Häzir çykmasy ýatyrylan “News of the World” gazetiniň ýüzlerçe saýlama alymyň, syýasatçylaryň, žurnalistleriň, merhum britan esgerleriniň we öldürilen ýetginjegiň telefonlaryndaky ses ýazgylaryny bikanun diňleýişi boýunça derňew işleri geçirilýär.
XS
SM
MD
LG