Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa uruş jenaýatçylygynda aýyplanýan soňky adamy tussag etdi


Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplanýan Goran Hadzçiň çarşenbe güni irden tussag edilendigini mälim etdi.

“Şunlukda, Serbiýanyň Gaaga tribunaly bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň iň kyn bolan ähli tapgyrlary tamamlanýar” diýip, Tadiç belledi.

Horwat serbleriniň ozalky lideri 52 ýaşly Hadziç Gaaga tribunaly tarapyndan adamzada garşy jenaýatlarda, şol sanda 1991-1995-nji ýyllarda bolup geçen Horwat urşunda ýüzlerçe serb bolmadyklaryň öldürilmegine görkezme berenlikde aýypanýar.
XS
SM
MD
LG