Sepleriň elýeterliligi

Siriýa amerikan hem fransuz ilçileriniň paýtagtdan çykmaly däldigini duýdurýar


Siriýa amerikan hem fransuz ilçileriniň rugsatsyz paýtagtadan daşaryk syýahat etmeli däldigini duýdurdy.

Daşary işleri ministri Walid Moallemiň duýduryşy iki diplomat demirgazykdaky Hama şäherine, prezident Başar al-Assadyň režimine garşy dört aýlyk gozgalaňyň ojagyna aýlanan ýere baryp gaýdanlaryndan iki hepde soň edildi.

Moallem režim diplomatlaryň Damaskdan daşarda 25 kilometrden uzaga gitmegine gadaganlyk girizer diýdi.

Ol eger amerikan we fransuz diplomatlary buýruga boýun bolmasa, Siriýa diplomatlaryň hemmesine Damaskdan çykmagy gadagan eder diýdi.
XS
SM
MD
LG