Sepleriň elýeterliligi

Orsýet öňki ýadro resmisini galplykda günäleýär


Orsýet ozalky uly ýadro resmileriniň biriniň döwlet ylmy-barlag fonduna el urmakda we başga adamlaryň işlerini ogurlamakda aýyplanyp tussag edilendigini aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň ykdysady jenaýatlar bölüminiň başlygy Denis Sugrobow “Rosatomuň” baş direktorynyň öňki orunbasary Ýewgeniý Ýewstratowyň öz radiasiýa howpsuzlygy boýunça tehnikler topary bilen bilelikde tussag edilendigini aýtdy.

Sugrobow Ýewstratowyň 1,8 million dollar döwlet kömegini öz haýryna geçirmekde we öz toparynyň ulanylan ýadro ýangyjyny ýok etmegi üçin harçlamaly 2 million dollaryny ogurlamakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG