Sepleriň elýeterliligi

Belarus polisiýasy hökümete garşy protestçileri tussag edýär


Aýdylmagyna görä, Belarusyň howpsuzlyk güýçleri prezident Aleksandr Lukaşenkonyň syýasatyna garşy protest bildirýän protestçileriň onlarçasyny tussag etmek üçin güýç ulandylar.

“Assoşeýted press” 200 çemesi protestçiniň el çarpyp, aýaklaryny tapyrdadyp, paýtagt Minskide “ümsüm” protest geçirendiklerini ýazýar.

Bu, resmi gadaganlyga garamazdan, her hepdäniň üçünji güni geçirilýän “ümsüm” ýygnanyşyklaryň dokuzynjysydyr.
XS
SM
MD
LG