Sepleriň elýeterliligi

Kosowa serb importuny gadagan edýär, bosniýa harytlaryna salgyt salýar


Kosowanyň söwda ministri Pristina Serbiýadan import edilýän harytlaryň ählisini gadagan etdi we Bosniýadan gelýän harytlara 10 prosent salgyt salmaly etdi diýýär.

“Roýter” Mimoza Kusari Lila salgylanyp, bu çäräniň Serbiýanyň we Bosniýanyň Kosowdan edilýän eksportuň öňüni baglamagyna jogap hökmünde görlendigini aýtdy.

Ministr bu gadaganlygyň şu günden güýje girýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Serbiýa bilen Bosniýa Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny jar edeli bäri kosowa möhri basylan ähli harydyň öňüni bekleýärdi we bu ýurtdan gelýän ýolagçylary yzyna dolaýardy.
XS
SM
MD
LG