Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” Molla Omaryň ölendigini ret edýär


“Talybanyň” sözçüleri bu hereketiň baş lideri Molla Omaryň ölendigi baradaky habarlary ret etdiler.

Sözçüler öz telefonlaryna hakerlik edilip girilendigini we öz atlaryndan galp ýazgyly maglumatlaryň ýaýradylandygyny aýtdylar.

Sözçüleriň biri Zabiulla Mujahid bu galp habarlaryň ýarýadylmagynda amerikan aňtaw gullugyny günäledi we ar almagy wada berdi.

Ozal Mujahid we ikinji sözçi Muhammad Kari Ýusup tarapyndan ulanylan telefonlardan gelen habarda “ruhy lider Molla Mohammad Omar Mujahid ýogaldy, Alla oňa rehmet etsin” diýilýärdi.
XS
SM
MD
LG