Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň täzeçillik geňeşçisi: “Internet azatlygy režim çalyşmagy maksat edinmeýär”


Alek Ros Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň täzeçillik boýunça baýry geňeşçisi bolmak bilen, amerikan diplomatiýasynyň etniki konfliktlerden başlap adam hukuklaryny we söz azatlygyny ilerletmäge çenli aralykdaky tagallalarynyň ählisinde tehnologiýany ulanmagyň täze ugur-ýollaryny işläp düzýär. Ol 14-nji iýulda Waşingtonda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Golnaz Esfandiýara bu işi nähili amala aşyrýandygyny gürrüň berdi.


Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlar dünýä ýüzünde internet azatlygyny wagyz edýär. Bu tagalla Birleşen Ştatlaryň ýaranlaryny, hususan-da hukuk toparlary tarapyndan internetiň duşmany atlandyrylan Saud Arabystanyny, ýa-da golaýda tanymal bloggeri 15 ýyl türme tussaglygyna höküm eden Bahreýni hem öz içine alýarmy?

Alek Ros: Ýer togalagynda 195 sany ýurt bar. Döwlet departamenti şol ýurtlaryň 194-sine syn edýär. Biziň internet azatlygy tagallalarymyz 194 ýurda gönükdirilen, onsoň biz gurallary kämilleşdiremizde we syýasatlary işläp düzemizde bir ýa iki, üç ýa 30, ýa bolmasa 100 ýurt diýen ýaly dar çelgiden ugur almaýarys, global çemeleşýäris. Şeýlelikde, biziň bir internet azatlygy syýasatymyz bar we ol bütin dünýä degişli.

Azatlyk Radiosy: Diýmek ol Saud Arabystanyna we Bahreýne hem degişli bolup çykýar. Birleşen Ştatlar bu meseleleri şol ýurtlaryň liderleriniň öňünde hem keserdip goýýarmy?

Alek Ros: Bu biziň diplomatiýamyzyň adaty bir bölegi we eger-de bir ýurt öz raýatlarynyň ählumumy hukuklaryny çäklendirmekçi bolsa, Birleşen Ştatlar muňa goşulyşýar: biz bu meselä hem jemgyýetçilik tertibinde goşulýarys, hem hususy tertipde goşulýarys.

Prezident golaýda Döwlet departamentinde Bahreýn hakynda giňişleýin söz sözledi. Ol hususan-da bahreýn hökümetiniň öz raýatlarynyň ählumumy hukuklaryny hormatlamagynyň nähili möhümdigi barada gürrüň etdi. Onsoň hawa, haçanda bir ýurt biziň ählumumy hukuklar diýip ynanýan zatlarymyzdan arasyny mazaly açyberse, Birleşen Ştatlar bu barada açyk gürrüň edýär.


Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň tagallalary köplenç Eýran ýaly ýurtlary nyşana alýana çalym edýär. Mysal üçin, Tähran repressiw ýurtlardaky aktiwistlere internet elýeterliligini üpjün edýän “Çemodandaky internet” proýekti Yslam respublikasyna gönükdirilendir öýdýäne meňzeýär.

Alek Ros: Meniň pikirimçe, Eýranyň Amerikanyň internet azatlygy syýasatyna reaksiýasy onuň bu meselede galmaly derejä göterlip bilmeýändigini öz-özüniň ykarar etmesiniň şöhlelenmesi bolup durýar. Men Eýran hökümeti öz raýatlarynyň azatlyklaryny çäklendirýänini bilýändir diýip pikir edýärin, şu sebäpden ol bize awusyny pürkýär.

Meniň ýaňy hem aýdyşym ýaly, biziň internet azatlygy syýasatymyz dünýäniň her bir ýurduna gönükdirilen we Eýranyň bu özlerine gönükdirilendir öýtmeginiň özi, meniňçe, olaryň öz ýurtlarynda azatlyklary näderejede bogýandygyny aňladýar. Meniň pikirimçe, bu munuň köpüsi özleri hakyndadyr öýdýän hökümetiň psihologiýasy hakynda kän zat aýdýar.


Azatlyk Radiosy: Eýran Birleşen Ştatlary aktiwisitlere eýran režimini agdarmak üçin assyryn kömek bermekde aýyplaýar. Eýsem Eýran ýaly repressiw we Birleşen Ştatlara duşmançylykly hasaplanýan ýurtlarda režim çalyşmak Amerikanyň internet azatlygyny öňe sürmesiniň aýdylmaýan maksatlarynyň biri dälmi?

Alek Ros: Düýpden beýle däl. Internet azatlygy adamlaryň öz ählumumy hukuklaryna, söz azatlygyna, ýygnanyşmak azatlygyna we metbugat azatlygyna eýe bolmagyna kömek etmegi maksat edinýär. Bu režim çalyşmagy maksat edinmeýär.

Azatlyk Radiosy: Adamlar Müsürde Hosni Mubaregiň, Tunisde Zine el-Abidine Ben Aliniň režimlerini agdardylar, emma internet möhüm rol oýnady. Siz öz hasaplamalaryňyzda bu ýagdaýy nazar aldyňyzmy?

Alek Ros: Meniň pikrimçe, internet, baglanyşyk tehnologiýalary bolmak bilen, Müsürde we Tunisde dört işi etdi.

Birinji, ol hereket döretmegi çaltlaşdyrdy. Adaty ýagdaýda hereketleri döretmek ýyllary alýan bolsa, ol hereketleri hepdeleriň we aýlaryň dowamynda döretmegi başardy.

Ikinji, ol maglumat almak mümkinçiligini baýlaşdyrdy. Şeýlelikde, ozal adamlar bir topar maglumata elýetersiz bolan bolsalar, indi sosial medianyň we intrenetiň arkasyndan şol maglumatlary arkaýyn alyp bildiler.

Üçünji, ol gowuşgunsyz gatnaşyklary berk gatnaşyga öwürdi. Eýsem “Musulman doganlygynyň” 57 ýaşly agzasy bilen Sorbonnada bilim alan 27 ýaşly elektron neslini birleşdiren hem Tahrir meýdanyna getiren zat nämedi? Internetde gurlan käbir gatnaşyklar bir-birine düýpden meňzemeýän adamlary bir ýere getirdi we olary bilelikde garaşsyzlyga alyp çykdy.

Dördünji, internet ýolbaşçylygy paýlady. Eger siz geçmişiň rewolýusiýa gahrymanlary hakda pikir etseňiz, hala ol Polşanyň Lek Walesasy bolsun, hala-da Çeh respublikasynyň Waslaw Haweli, ýa-da Günorta Afrikanyň Nelson Mandelasy bolsun, biz häzir Orta Gündogarda bolup geçýän rewolýusiýalarda bular ýaly şahslary görmeýäris. Sebäbi internet ýolbaşçylygy paýlady.

Şeýlelikde, elbetde, internet we baglanyşyk tehnologiýalary Orta Gündogardaky gozgalaňyň netijelerinde uly rol oýnady, emma men ol gozgalaňyň jümmüşinde ýatan zatlar tehnoloigiýa düýpden dahylsyz diýip pikir edýärin. Olar korrupsiýa bilen baglanyşykly. Olar ykdysady mümkinçilikleriň ýoklugy bilen bagly. Olar demokratiki gatnaşygyň ýoklugy bilen bagly. Tehnologiýa bu ýerde diňe gural bolup durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG