Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öwez tölegi


Ýazgulyýew: "Jaýlary-öýleri weýran bolan adamlar wagtlaýyn umumyýaşaýyş jaýlaryna ýa haýsydyr bir wagtlaýyn öýe ýerleşdirilipdir".
Ýazgulyýew: "Jaýlary-öýleri weýran bolan adamlar wagtlaýyn umumyýaşaýyş jaýlaryna ýa haýsydyr bir wagtlaýyn öýe ýerleşdirilipdir".
Abadan partlamasy netijesinde weýran bolan, zyýan çeken binalarda dikeldiş işleriniň alnyp barylýandygyny bellemek gerek, ýöne dikeldiş işleriniň haýal barýandygyny hem aýtmalydyrys. Esasan, ýaşaýyş jaýlaryndaky dikeldiş işleri kem-käs zyýan çeken binalarda alnyp barylýar diýseňem boljak.

Jaýlary-öýleri weýran bolan adamlar wagtlaýyn umumyýaşaýyş jaýlaryna ýa haýsydyr bir wagtlaýyn öýe ýerleşdirilipdir. Hatda ýerli emeldarlar, arçynlar tarapyndan partlamada ejir çeken hojalyklar, olaryň çeken zyýanlary doly hasaba alnypdyr. Partlamanyň netijesinde näçe adamyň ýogalandygy hakyndaky maglumatyň 18-nji iýulda, has dogrusy, partlamadan 10 gün soň jemlenendigi hakyndaky gürrüňler peýda boldy.

Prezidentiň “Ejir çekenlere ähli ýardamy bereris” diýip wada berendigine garamazdan, partlamada ejir çekip, ýakynyny aldyran ýa-da jaýy bölekleýin ýykylyp, emläklerini ýitiren hojalyklar meniň bilen özara söhbetdeş bolanlarynda häzire çenli özlerine düýpli kömegiň edilmändigini aýtdylar. Olaryň tassyklamagyna görä, ýerli emeldarlar kömek etjekdiklerini, ýöne garaşmalydygyny aýdypdyrlar.

Dünýä tejribesinden bilşimiz ýaly, islendik bir kadaly ýurtda tebigy ýa tehnogen hadysasynda wepat ýa-da maýyp-müjrip bolanlara, emlägini ýitirenlere, mahlasy maddy hem ruhy zyýan çekenlere kompensasiýa — öwez tölegi berilýär. Wepat bolanlaryň hossarlaryna iň köp öwez tölegi tölenýär. Sebäbi döwlet, döwletiň adyndan wekilçilik edýän hökümet wekilleri her bir raýatyň ykbalyna jogap bermäge borçly hasaplanýar.

Emma ýarag ammarynda bolan partlamadaky hadysada ýakynlaryny aldyranlara, maddy, ruhy ejir çekenlere kompensasiýa bermek üçin, ilki bilen bu hadysada näçe adamyň pida bolandygy, bu pajyganyň näçe weýrançylyk edendigi açykdan-açyk äşgär edilmelidir. Hatda häzirki ýapyklyk şertinde türkmen hökümeti bu partlamada ejir çekenlere kompensasiýa bermegi niýet edinäýende hem bu partlamanyň pidalarynyň hossarlaryna, maddy hem ruhy ejir çekenlere adalatly kompensasiýa beriljegine ynam edip bolmaz. Sebäbi bu partlamanyň pidalary, weýrançylygy boýun alynman, nähili adalatly kompensasiýa tölensin?!

Döwlet býujeti

Meniň bilen söhbetdeş bolan käbir ýokary hünärli ykdysadyýetçilerimiziň pikirine görä, 2011-nji ýylyň döwlet býujeti düzülende, hiç bir tebigy hem tehnogen hadysasynyň ýetirjek zyýany hasaba alynmandyr. Özüni Baýram diýip tanadan ykdysatçynyň aýtmagyna görä, hökümet partlamada wepat bolanlaryň her birine 50 müň amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölese, diňe ýogalan adamlara tölenjek öwez tölegi ummadan gecer. Ähli ejir çekenlere, mahlasy maddy we ruhy zyýan çekenlere ýitiren emlägine barabar öwez tölegi tölense, döwlet gaty köp çykdajy etmeli bolar. Emma hiç bir ýagdaýda göz öňüne tutulmadyk bu puly tapmak döwlet emeldarlaryna aňsat düşmese gerek.

Türkmenistan hökümeti daşary ýurtlardan, halkara guramalaryndan ediljek bolnan kömek teklibinden bolsa sypaýyçylyk bilen ýüz öwürdi. Eger-de partlamanyň pidalary, weýrançylygy doly aýan edilip, teklip edilen kömekler peýdalanylan bolsa, onda bu çaka çenli partlamada ähli ejir çekenlere, ýakynlaryny aldyranlara öwez tölegini doly töläp bolardy.

Häzire çenli partlamanyň netijesinde bolan adam pidalaryny, weýrançylygy derňemeli ýörite döredilen toparyň jemleýji hasabaty bermezligi, halka, dünýä jemgyýetçiligine bu pajygaly hadysanyň hakykatynyň doly aýan edilmezligi, şonuň netijesinde hem tölenmeli öwez tölegleriniň süýrenjeňlige salynmagy döwlet emeldarlarynyň abraýyna däl.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG