Sepleriň elýeterliligi

Awstriýanyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Awstriýanyň prezidenti Haýnts Fişer şu ýylyň aýagyna çenli Türkmenistana resmi sapar eder.

Saparyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltjek ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň bir toparyna gol çekmek planlaşdyrylýar.

Bu sapara taýýarlygyň çäginde çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awstriýadan gelen delegasiýa kabul edildi.

Taraplar guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, türkmen prezidentiniň 2008-nji ýylda Wena eden resmi saparyndan bäri türkmen-awstriýa hyzmatdaşlyklarynyň mazaly ýygjamlaşandygyny bellediler.
XS
SM
MD
LG