Sepleriň elýeterliligi

Belarusda onlarça demonstrant tussag edildi


Belarusda howpsuzlyk güýçleri prezident Aleksandr Lukaşenkonyň režimine garşy protest geçirýän demonstrantlaryň onlarçasyny tussag etdiler.

Hökümete garşy çykýan demonstrantlar “ümsüm” protestleriniň çäklerinde ellerini çarpyp, özleriniň nägileliklerini bildirdiler.

Bu çäre, resmi gadaganlyga garamazdan, her hepdäniň çarşenbe güni geçirilýän “ümsüm” ýygnanyşyklaryň dokuzynjysydyr.

Maý aýynda protestler başlanaly bäri, 1,500 töweregi demonstrant tussag edildi. Olaryň köpüsine jerime salyndy, käbirleri bolsa gysga wagtlyk türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG