Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi bilen Merkel krizis boýunça "umumy karara" geldi


Fransiýanyň prezident administrasiýasynyň berýän maglumatyna görä, Nikolýa Sarkozi we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Berlinde ýedi sagada çeken gepleşiklerinden soň, ýewronyň bergi krizisi boýunça “umumy karara” gelmegi başarypdyrlar.

Brýusselde ýewrozonanyň liderleri Gresiýanyň bergi krizisinden çykmagy üçin, bu ýurda berilmegi göz öňünde tutulýan ikinji halas ediş plany boýunça gepleşikler geçirýärler.

Ol ýerde Ýewrotoparyň başlygy, Luksemburgyň premýer-ministri Žan-Klod Janker şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, Germaniýanyň we Fransiýanyň öz nukdaýnazarlaryny utgaşdyryp bilmekleri örän bähbitlidir. Elbetde, bu şu günki gepleşiklerde kararyň kabul edilmegini ýeňilleşdirer”.
XS
SM
MD
LG