Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemende “Al-Kaýdanyň” liderleriniň biri öldürildi


“Al-Kaýda” toparynyň Ýemendäki bölüminiň ýokary derejeli lideriniň öldürilendigi habar berilýär.

Ýemeniň Goranmak ministrliginiň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, Ayed al-Şabwani sişenbe güni Zinjibar şäherinde ok atyşlykda öldürilipdir.

Ýemende ençeme aý bäri hökümete garşy geçirilýän protestler netijesinde “Al-Kaýda” topary hem hereketlerini ýaýbaňlatdy.

Munuň netijesinde “Al-Kaýda” topary ýurduň günortasynda ençeme sebiti basyp aldy we öz gözegçiliginde saklaýar.
XS
SM
MD
LG