Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: koridora buşugan polisiýa işgäri wezipeden çekildi


Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň ýokary derejeli polisiýa işgäriniň öz edarasynyň koridorynda buşugyp duran wideo görnüşi internetde peýda boldy. Ol şondan soň wezipesinden çekildi.

“YouTube” saýtyna ýerleşdirilen bu wideoýazgyny onlarça müň adam görüpdir. Bu wideoýazgyda diňe içki geýimli we joraply ofiseriň arkaýyn ýöräp baryp, koridorda buşugýan pursady görkezilýär. Işini bitirenden soň, ol öz edarasyna girip gidýär.

Bu pursat gizlin wideo kamera arkaly ýazga geçirilipdir.
XS
SM
MD
LG