Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa bilen Orsýetiň aýratyn dostlugy


“Demirgazyk akymyň” gurluşygy üçin niýetlenen turbalar, Gotland adasy, 2010-nji ýylyň 19-njy maýy.
“Demirgazyk akymyň” gurluşygy üçin niýetlenen turbalar, Gotland adasy, 2010-nji ýylyň 19-njy maýy.
Germaniýa Orsýetiň iň iri tebigy gaz satyn alyjy hem-de söwda hyzmatdaşy. Şeýle ýakyn gatnaşyklar Kreml tebigy baýlyklaryny öz bähbitleri üçin peýdalanýar diýip pikir edýänleriň iki aýagyny bir gonja sokýar. Ýöne bu gatnaşyklar üýtgäbem biler.

Häzirki wagtda tutuş Ýer togalagynyň ýurtlary dünýä maliýe pese gaçyşlygynyň netijelerinden saplanyp ýörkä Ýewropa döwletleriniň biriniň ykdysadyýeti ýokaryk galyp barýar. Bu döwlet — Germaniýadyr. Şu ýyl bu ýurduň ykdysadyýetiniň üç göterim ösmegine garaşylýar.

Nemes maşynlary hem-de tehnologiýalary dünýäde iň arzylylaryň biri hasaplanýar. Ýöne ýurduň daşary söwdasynyň görlüp-eşidilmedik şowhuny Orsýetiň ýangyjyna bagly bolup durýar.

Berliniň merkezi köçeleriniň biri bolan Unter der Linden köçesiniň ugrundaky häzirki zaman tertipli, ornaşykly hökümet binalarynda Orsýetde gabat gelýän opurylyşyklar we göze görnüp duran bulam-bujarlyklar ýok ýaly. Emma Germaniýanyň baglylygy Moskwany bialaç gün tertibine çykardýar.

Orsýetiň tebigy gazynyň Germaniýa iberilýän paýy eýýäm 40 göterimi düzýär. Şu ýyl Ýaponiýanyň atom stansiýasynda dörän başagaýlykdan soň ýadro ýangyjyndan ýuwaş-ýuwaş daşlaşylyp ugralmagy bilen baglanyşykly bu sanlaryň artmagyna garaşylýar.

Orsýete baglylyk

Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasyndan (GSDP) parlamentiň köpden bäri agzasy Gans-Ulrih Kloze bu göz-görtele ýagdaý bilen ylalaşýar hem-de Germaniýanyň öz ýangyç meselelerini Orsýetiň çözüp bilmejekdigini aýdýar. Ol tankyt hem-de çetleşdirmek arkaly Kremli özüne garşy dikeltmegiň çözgüt däldigini belleýär.

“Ýewropanyň nukdaý nazaryndan Orsýet bilen uzak möhletleýin gapma-garşylygy dowam etdirmegiň ullakan bir manysy ýok. Bu biziň nämämize gerek? Orsýetiň häzir nähiliräk zatdygyny bilýäris. Biziň şol ýagdaýy üýtgedesimiz gelýär” diýip, Gans-Ulrih Kloze aýdýar.

“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller (çepde), Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (ortada) we Gerhard Şröder “Demirgazyk akym” gazgeçirijisiniň gurluşygynyň açylyş dabarasynda, Wyborg, 2010-njy ýylyň 9-njy apreli.
Gans-Ulrih Klozäniň sözlerine görä, Germaniýa Orsýetiň ýangyjyna bagly bolup biler, ýöne Orsýetem öz netijesiz ykdysadyýetini kämilleşdirmek ýaly iňňän wajyp meseleleri çözmek üçin nemes maýa ýatyrymlaryna we tehnologiýalaryna örän bagly bolup durýar. Orsýetdäki awtoritarizmiň ösmeginiň hökümete dahyly bolmadyk garaşsyz guramalary gitdigiçe gysaja salmagyna garamazdan, orsýetliler hem raýat jemgyýetini we demokratiýa institutlaryny gurmak üçin Germaniýadan kömek isleýärler. Bu özara baglanyşyk gatnaşyklary işjeňleşdirýär diýip, deputat hasaplaýar.

Gerhard Şröder

Germaniýanyň ozalky kansleri Gerhard Şröder tarapyndan baştutanlyk edilýän GSDP-niň agzalary Moskwa bilen ýagdaýlary gowulandyrmagyň işeňňir tarapdarlary bolup durýar. Emma haçan-da, 2005-nji ýylda Gerhard Şröderiň Orsýetiň döwlet gaz giganty hasaplanylýan “Gazpromyň” täze turba geçirijisiniň proýektiniň başlygy wezipesine geçeninde hatda onuň pikirdeşleri-de ör-gökden gelipdiler. “Demirgazyk akymy” turba geçirijisi Orsýet bilen Germaniýany Baltika deňziniň düýbi boýunça gös-göni baglanyşdyrar. Şu ýyl onuň işleriniň gutarylmagyna garaşylýar.

Gerhard Şröder
Gerhard Şröderiň wezipeden gidenine hepde geçipdi. Ol partiýanyň agzalygynda bolsa galypdy. Bu partiýa “Sosial adalatlylyk” ugrunda, şonuň ýaly-da, uly monopoliýalaryň täsiriniň garşysyna göreşýär. Şeýle bolansoň, Şröderiň ykbalyny “Gazprom” bilen baglamagy Germaniýadakylaryň köpüsi gelşiksiz ýagdaýdan başga hiç zat däl diýip hasaplady.

Ýaşyllar partiýasynyň parlamentdäki deputaty Mari-Luiz Bek muny “ýaramaz ýagdaý” hasaplaýar: “Gerhard Şröder “Demirgazyk akym” boýunça şertleşige geldi. Şeýtmek bilen ol, hakykatdan-da, Orsýet tarapyna ilkinji gezek “agzyny alart-da, höküm sür” diýen mümkinçiligi döredipdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Germaniýa ilkinji ädimi ädipdi”.

Mari-Luiz Bekiň garaýşyça, “Gazprom” beýleki günbatar kompaniýalaryndan tapawutlanýar. Çünki ol syýasat bilen söwdanyň baglanyşygyndan başga hiç zat däl. “Gazprom” Ýewropanyň ýangyç kompaniýalaryna iňňän bähbitli şertnamalar bermek arkaly Moskwa öz daşarky syýasatyny durmuşa geçirmäge kömek edýär, şundan soň şu kompaniýalardaky ýokary derejedäki adamlar Kremliň bähbidini araýanlar bolup hereket edýärler, olar öz milli häkimiýetlerini ýurduň bähbitlerini Ýewropanyň ýangyç boýunça bütewi strategiýasynyň bähbitlerinden ýokary goýmaga mejbur edýärler.

“Gazprom” nemes hyzmatdaşlary — aýratynam “Demirgazyk akym” boýunça hyzmatdaşy bolan gigant E.ON — we himiýa kompaniýasy BASF üçin iňňän bähbitli geleşige gol çekdi.

GSDP-niň daşarky syýasatyň meseleleri boýunça spikeri Rolf Moýsenih bu ynjalyksyzlanmalaryň dumanyny sowmaga çytraşyp, Orsýetiň we beýleki ýurtlaryň özlerini alyp baryşlarynda “ullakan bir tapawut ýok” diýýär.

“Eger Liwiýa ýa-da Katara, ýa-da ýangyç bazaryndaky beýleki esasy oýunçylara garasak, heý, tapawut barmy? Olarda-da hökümet bilen kompaniýalaryň arasynda ysnyşykly baglanyşyk görnüp dur” diýip, Rolf Moýsenih belleýär.

Ýöne Halkara howpsuzlyk we halkara gatnaşyklary institutyndan ýangyç boýunça ekspert, hökümetiň geňeşçisi Kirsten Westpal Germaniýanyň Orsýete baglylygy syýasata-da gytaklaýyn täsirini ýetirýär diýip hasaplaýar.

“Orsýetiň nemes ýangyç hyzmatdaşlary ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklarda “Gazpromyň” haýryna kuwwatly bähbit araýjylardyr, çünki iki tarapyň-da bähbidi meňzeşdir, şeýle bolansoň, Ýewropa bazarynda nemes kompaniýalarynyň ýagdaýy Orsýet gazyna bagly bolup durýar” diýip, Kristen Westpal aýdýar.

Angela Merkeliň garaýşy

Angela Merkeliň Germaniýanyň kansleri wezipesine saýlanylmagy ýagdaýlaryň üýtgemegine umyt bagladýardy. Onuň wezipä girişeninden soň ilkinji proýektleriniň biri Ýewropa Bileleşigine ýeke-täk ýangyç syýasatyny kabul etmegi we ýangyç üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagy teklip etmegi bolupdy. Ýöne ol basym bu gaýduwsyz garaýşyndan daşlaşdy. 2008-nji ýyla çenli Germaniýa ýene-de Orsýetiň Ýewropadaky saldamly tarapdaryna öwrüldi.

Jorj Buşuň hökümeti Ukraina bilen Gürjüstanyň NATO-nyň hataryna kabul edilmegi üçin wagyz geçirende Moskwanyň muňa diýseň gahary gelipdi. Şonda Angela Merkel şu meseläni goldamadyklaryň biri bolupdy. 2008-nji ýylyň tomsunda Orsýetiň Gürjüstana girmeginiň halkara jemgyýetçiliginde tolgunma döredenligine garamazdan, NATO inisiatiwany ret edipdi.

Angela Merkeliň Germaniýanyň kansleri wezipesine saýlanylmagy ýagdaýlaryň üýtgemegine umyt bagladýardy.
Ýaşyllar partiýasyndan Mari Luiz Bek “Angela Merkel Ukraina üçin penjire mümkinçiligini ýapdy” diýip hasaplaýar. Ol: “Angela Merkeliň Moskwaparaz hökümeti häzir ozalky Günbatarparaz çinownikleri tussag etmek bilen meşgul” diýýär.

“Munuň özi hakykatda Orsýetiň göwnüni tapmagyň bir bölegidir. Bizde göwün tapmak syýasaty ýeterlik. Hakykatda welin bu başyna gidenlikdir. Men dawaly syýasata çagyryş edemok. Ýöne biraz berkräk durmak gerek” diýip, Mari- Luiz Bek öz pikirini nygtaýar.

Angela Merkeliň soňra Ýewropa Bileleşiginiň proýektiniň kararyny bökdemek boýunça inisiatiwa başlyklyk etmegi has-da ýatda galarlyklydyr. Bu proýekt daşary ýurt kompaniýalaryny Ýewropa energetikasynda aktiwleri almak meselelerinde çäklendirýärdi. Çäreler “Gazpromyň” ornaşmagynyň haýalladylmagyna gönükdirilendi.

Mari Luiz Bekiň aýtmagyna görä, beýle hereket ýalňyşdyr. Bärde Germaniýa “Kremliň mähriban, gowy dosty, sebäbi bize olaryň nebitdir gazy gerek” diýen many gelip çykýar.

“Eger-de günbatarly hyzmatdaşlaryna nebitdir gaz satyp bilmedik bolsa, Wladimir Putiniň şüweleňi bireýýäm gutarardy” diýip, Mari-Luiz Bek aýdýar.

“Ýangyç meseleleri beýleki möhüm ugurlara-da öz täsirini ýetirýär. Şonuň bilen birlikde ozalky sowet respublikalarynda demokratiýanyň ilerlediljek bolunmagynda-da şeýle täsir duýulýar. Orsýet bu ýerleri öz täsiriniň astyndaky ýurtlar hasaplaýar” diýip, Mari-Luiz Bek we häzirki hereket edýän hökümetiň beýleki tankytçylary aýdýarlar.

Ukrainanyň we Belarusyň, iň bolmanda, häzirki döwürde ýene Orsýetiň täsirine düşmegi Ýewropa Bileleşiginiň planlaryna täzeçe göz aýlamaga getirdi.

Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň serhetlerindäki alty döwlet bilen erkin söwda zolagyny we wizasyz ýagdaýy döretmegi göz öňünde tutýardy. Ýöne häzirlikçe bu plan nämälim döwre gaýra çekildi.

“Hemme kişi bilýär, hatda muny bize - nemeslere eşitmek hernäçe ýakymsyz bolsa-da, biz hakykatdanam möhüm ses, Orsýet üçin bolsa, mümkin, Ýewropada iň esasy” diýip, Mari-Luiz Bek düşündirýär.

Onuň pikiriçe, demokratiýa meseleleri boýunça geljekki Ýewropa üçin Germaniýanyň pikirem aýgytlaýjy hasaplanýar. Emma haçan-da gürrüň Orsýet barada gidende “Bärde ýöne diňe aýratyn dostluk” bolaýýar.

Ýogsa-da, 3-nji oktýabrda - Germaniýanyň bitewilik Gününde Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putine “Kwadriga” baýragynyň gowşurylmagyna garaşylýardy. Nemes hökümeti bu baýragy demokratik reformalary geçirmekde hyzmat bitiren adamlara gowşurýar. Bu karary adam hukuklaryny goraýjylar, şol sanda Germaniýanyň hökümetiniň ýanyndaky adam hukuklary boýunça wekili Markus Loýening tankyt edipdi. Şundan soň guramaçylyk komiteti “Kwadriga” baýragy “şu ýyl hiç kime gowşuryljak däl” diýen habary ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG