Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gitleriň orunbasary Rudolf Hesiň mazary ýumruldy


Gitleriň orunbasary Rudolf Hesiň jaýlanan mazary, zyýaratçylaryň aýagynyň çekilmegi üçin, ýykylyp ýok edildi.

Hesiň süňkleri Bawariýanyň Wunsidel şäherindäki gonamçylykdan daňdanlar gazylyp çykaryldy we ýakylyp, küli deňze sepildi.

Neonasistleriň bu ýere zyýarat edip, ybadathananyň howlusynda Gitlere hormat-sylag görkezmegi Lýuteran ybadathana geňeşiniň Hesiň garyndaşlarynyň mazar ýeriniň kireý möhletini uzaltmak haýyşlaryny ret etmegine sebäp boldy.

Hes 1941-nnji ýylda, Angliýa gaçandan soň tussag edildi we 1946-njy ýyldaky Nýuremberg sudlarynda ömürlik türmä basyldy.

Ol 1987-nji ýylda, 93 ýaşynda Berliniň Spandau türmesindäki kamerada asylgy tapyldy.
XS
SM
MD
LG