Sepleriň elýeterliligi

Resmi rus goşunynda urup-ýençmeleriň köpelýändigini aýdýar


Orsýetiň Harby prokuraturasynyň başlygy şu ýyl esgerleriň öz komandirleri tarapyndan urlup-ýenjilmesiniň üzül-kesil artandygyny aýtdy.

Rus goşunynda gulluga alynýan esgerlere gaty ýowuz daralýar. Ol ýerde zorlukly, käte ölüm bilen gutarýan urup-ýençmeler adaty zat.

Harby prokuraturanyň başlygy Sergeý Fridinskiý penşenbe güni zorluk medeniýetiniň has möwjeýändigini görkezýän sanlary aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ýylyň birinji ýarymynda öz golastylaryny urup-ýenjen 75 leýtenantyň we 170-den gowrak seržantyň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr.

Harby prokuror, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, urup-ýençmeleriň 15 prosent köpelendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG