Sepleriň elýeterliligi

Gazak lideri bejerişden soň öýüne dolanyp geldi


Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Germaniýada bir hassahanada operasiýa etdirendigi baradaky habarlardan soň işine dolanyp geldi.

Prezident edarasynyň penşenbe güni çap eden beýanatynda “Şu gün Akorda (prezident köşgünde) döwlet baştutany Nursoltan Nazarbaýewiň baştutanlygynda Gazagystanyň ykdysady ösüşlerine bagyşlanan iş duşuşygy boldy” diýilýär.

Resmiler Nazarbaýewiň Germaniýada bejeriş alandygy baradaky habarlara hiç bir düşündiriş bermediler.

Hepdäniň başynda Germaniýanyň «Bild» gazeti 71 ýaşly Nazarbaýewiň Hamburg-Eppendrof uniwersitet saglyk merkezinde prostat operasiýasyny etdirendigini ýazypdy.
XS
SM
MD
LG