Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan ygtyýar berilmedik ýygnanyşyk üçin jezany ýokarlandyrýar


Täjigistan indiden eýläk ygtyýar berilmedik protest ýygnanyşyklaryny gurnan adamlara 5 ýyla çenli türme tussaglygyny berer. Täjik kanunçylary penşenbe güni bu barada hökümet goldawyndaky kanuny tassyk etdiler.

Parlamentiň ýokarky öýüniň bu tassyknamasy azyk we ýangyç nyrhlarynyň gymmatlamagy netijesinde barha artýan lapykeçlige we soňky aýlarda Orta Gündogarda turan halk protestlerine bir reaksiýa bolup görünýär.

Ozal bikanun ýygnanyşyk guramagyň ýa oňa gatnaşmagyň jezasy jerimedi ýa-da 15 gün tussaglykdy.

Bu kanunyň güýje girmegi üçin prezident Emomali Rahmon tarapyndan tassyklanmagy gerek.

Täjigistan Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň soňky hasabatynda awtoritar döwlet hökmünde suratlandyrylýar.
XS
SM
MD
LG