Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan korrupsiýa wideosyny internetde goýan harbyny jogapkärçilige çekýär


Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi korrupsiýa gürrüňli wideo ýazgyny “Youtube” saýtynda goýan goşun kapitanynyň bozgaklyk üçin jogapkärçilige çekilýändigini aýtdy.

“Youtube” saýtynda ýerleşdirilen gysgajyk klipde kapitan Ramin Gasimow we ýene iki ofiser garymda duran ýerlerinden korrupsiýa sebäpli öz kazarmalarynyň bejergisi üçin hem aýlyklaryndan pul tölemäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

Emma Goranmak ministrligi Gasimowyň bu wideo şikaýaty ýurduň prezidenti Ylham Aliýewe ýetirip, özüne ýaş esgerleri ezmekde bildirilen aýyplamalary ýatyrtjak bolýandygyny aýdýar.

Hukuk toparlary Azerbaýjanyň goşunynda korrupsiýanyň we esgerlere azar ýamanyny bermegiň giň ýaýrandygyny aýdýarlar. Emma resmiler goşunda gulluga alnan ýaş esgerleriň urlup-ýenjilmeginiň giň ýaýrandygyny ret edýärler.
XS
SM
MD
LG