Sepleriň elýeterliligi

Owgan güýçleri Hyratda howpsuzlyk jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar


Hyratdaky NATO goşunlary howpsuzlyk operasiýalarynyň jogapkärçiligini owgan güýçlerine geçirdiler.

Hyrat, NATO esgerleriniň ýurdy terk etmäge taýýarlanmagy netijesinde, şu hepde owgan kontrollugyna geçirilýän ýedi ýeriň biridir.

Bu planyň tankytçylary, daşary ýurtly söweş esgerleriniň ählisiniň 2014-nji ýylyň aýagyna çenli ýurtdan çykarylmagyna çagyrmak bilen, häzirki gyssanmaçylygyň syýasy äheňlidigini we owgan güýçleriniň howpsuzlygy üpjün etmek başarnygyny şöhlelendirmeýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG