Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa sammiti grek girewini tassyk edýär


Ýewropanyň Brýusseldäki sammite gatnaşan liderleri Gresiýanyň täze, 159 milliard ýewro golaý maliýe girewini almagy barada ylalaşyga geldiler.

Olaryň bilelikde çap eden beýanatynda ýewropa hökümetlerinden we Halkara pul gaznasyndan beriljek kömegiň jemi 109 milliard ýewro barabar boljagy aýdylýar, hususy pudak bolsa, 49,6 milliard ýewro berer.

Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Žan-Klod Triçet Gresiýanyň täze halas ediş girewini ýewropa zonasyndaky maliýe durnuklylygyny saklamakda ädilen aýgytly ädim hökmünde gutlap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG