Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi gozgalaňçylar bilen gepleşmekçi däl


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi gozgalaňçylar bilen tä “Ahyrýet gününe” çenli gepleşikleriň geçirilmejekdigini mälim etdi.

Häzir Liwiýada söweşijiler Kaddafiniň 40 ýyldan gowrak süren häkimiýetini agdarmak ugrunda hereket edýärler.

Çarşenbe güni Fransiýa, eger-de Kaddafiniň özi häkimiýetden gitse, onda onuň Liwiýada galyp biljekdigini aýdypdy.

Birleşen Ştatlar hem Kaddafiniň häkimiýetden hökman gitmelidigini aýtdy. Ýöne onuň ýurtda galyp-galmazlygy meselesini liwiýa halkynyň özüniň çözmelidigini nygtaldy.

Afrika Bileleşigi Liwiýadaky çaknyşyklaryň gepleşikleriň üsti bilen togtadylmagyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG