Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad Berdimuhamedowy Eýrana sapara çagyrdy


Paýtagt Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň daşary işler ministri bilen gepleşik geçirdi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, penşenbe güni geçirilen gepleşikleriň dowamynda Ali Akbar Salehi türkmen liderine Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň gyzgyn salamyny ýetirip, ony Eýrana sapar etmäge çagyrandygyny aýdypdyr.

Eýranyň daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda bolupdy.
XS
SM
MD
LG