Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa özüne beriljek kömegi “uly ýeňillik” hasaplaýar


Gresiýa ýewropa döwletleriniň Afiny üçin ikinji halas ediş çärelerini tassyklamagyny “uly ýeňillik” hökmünde garşylady. Häzir Gresiýanyň ykdysadyýeti bergi krizisi sebäpli kösenýär.

Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos bu barada şeýle çykyş etdi: “Bu grek ykdysadyýeti üçin uly ýeňillikdir. Bu kem-kemden biziň ykdysadyýetimize ornaşdyrylar. Ýöne bu kömek biziň bu ugurdaky öz tagallalarymyzy gowşatmalydygymyzy aňlatmaýar”.
XS
SM
MD
LG