Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýanyň hökümet binasynyň golaýynda güýçli partlama boldy


Norwegiýanyň paýtagtynda partlama boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00


Norwegiýanyň paýtagty Osloda, ýurduň hökümet binasynyň golaýynda güýçli partlama boldy. Azyndan 7 adam öldi, ençeme adam ýaralandy.

Polisiýa munuň maşyna ýerleşdirilen bomba hüjümidigini aýtdy we ony şäheriň daşyndaky ýaşlar lagerine edilen ýaragly hüjüm bilen baglanyşdyrdy.

Norwegiýanyň howpsuzlyk güýçleri Oslo şäheriniň merkezini gurşap aldylar. Adamlara şäher merkezinden daşlaşmaga çagyryş edildi.

20 gatly hökümet binasynyň, şol sanda premýer-ministr Jens Stolenbergiň iş otagynyň aýnalary döwüldi. Premýeriň özi aman galdy.

Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe üstüne alan ýok.
XS
SM
MD
LG