Sepleriň elýeterliligi

logo-print
22-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Meret Baýramowiç Orazowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Meksikadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.

2010-njy ýylyň 17-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berdimuhamedow Latyn Amerikasynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmelidigini öňe sürmek bilen, Braziliýa, Meksika, Argentina döwletlerinde Türkmenistanyň ilçilerini bellemek barada oýlanmaga wagtyň gelip ýetendigini nygtapdy hem-de ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredowa bu meseläniň üstünde işlemegi tabşyrypdy.

Prezidentiň şol çykyşyndan soň, Meksika Latyn Amerikasynyň ýurtlarynda Türkmenistanyň ilçi bellän ilkinji döwleti boldy.

Şeýle hem mejlisde prezident Sylapberdi Nurberdiýewi Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.

Prezident ýurduň metbugatyndan nägile

Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ý.Ýazlyýewe berk käýinç yglan edildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow ýurduň gazet-žurnallarynyň redaktorlarynyň öz işlerine jogapkärli çemeleşmelidigini aýtdy. Gazet-žurnallarda öz baş çykarmaýan ugurlary boýunça mesele gozgap, bu ugurdan taýýarlyksyz adamlaryň ýazýan makalalarynyň çap edilýän ýagdaýlarynyň bardygyny aýtmak bilen, prezident şeýle ýagdaýlara asla ýol berilmeli däldigini mälim etdi.

Şu sebäpden Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ý.Ýazlyýewe berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanda habar beriş serişdeleri berk gözegçilik astynda bolmagynda galýar. Metbugatda çap edilýän makalalar biri-birine meňzeş, many-mazmun taýdan juda pes. Ýigrimi ýylyň dowamynda mediadaky ýowuz çäklendirmeler bolsa ýurtda göýdük žurnalistik nesli kemala getirdi. Täze kemala gelen žurnalistik nesliň arasynda ykdysady, syýasy, medisina temalaryndan giň dünýewi mazmunly analitik makalalary ýazyp bilýänler gaty az. Şu sebäpden hem ýurduň metbugatynda faktlary nädogry makalalaryň çap bolmagyna az duşulmaýar.

Adatdan daşary ýagdaýlar

Abadan şäheri, 7-nji iýul.
Berdimuhamedow adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda tiz we netijeli hereketi guramak, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşynyň howpsuz bolmagyny ýokary derejede üpjün etmek barada karara gol çekdi.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary hakyndaky Düzgünnama, ministrlikler, pudak edaralary we häkimlikler tarapyndan adatdan daşary ýagdaý barada berilmeli maglumatlaryň sanawy, adatdan daşary ýagdaýlaryň ölçegleri we berilmeli maglumatlaryň görnüşi tassyklandy.

2011-nji ýylyň 1-nji awgustyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde çekilen maddy zyýanyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk pul 100 müň manat möçberinde bellenildi.

7-nji iýulda Abadan şäheriniň golaýynda ýerleşýän harby ammarlarda bolan partlamadan soň, adatdan daşary ýagdaýyň döreden zyýanyny aradan aýyrmakda dörän başagaýlygyň ýurduň hökümetine şuňa meňzeş potensial betbagtçylyklara öňünden taýýar bolmaga itergi berendigi çak edilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG