Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairde birnäçe müň adam ýöriş geçirdi


Anna güni agşam Kairde birnäçe müň adam Goranmak ministrliginiň binasyna ýöräp barmaga synanyşdy. Bronetransportýorlaryň, harby pyýada goşun bölümleriniň manifestantlaryň ýoluny böwetländigini AP habar berýär.

Birnäçe şäherde, hususan-da Aleksandriýada we Suesde polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda çaknyşyk bolandygy baradaky habar ýaýransoň Kairde manifestasiýa gurnaldy.

Müsür sudy fewral aýynda hökümete garşy demonstrasiýalar wagty adam öldürmekde aýyplanýan 10 polisiýa işgärini girew goýmak şerti bilen boşatmak barada karar çykarandan soň protestler möwjedi.
XS
SM
MD
LG