Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Yraýylyň ötünç soramagyna aýak direýär


Geçen ýyl Gaza sektorynyň kenarynda bolan wakada türk graždanlarynyň heläk bolandygy üçin Ysraýyl tarapynyň ötünç soramagyna Türkiýe aýak direýär.

“Ysraýyl ötünç soramasa, ölenleriň garyndaşlaryna kompensasiýa tölemese, Gaza sektoryna gabawy aýyrmasa iki ýurt arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmagy göz öňüne getirmek mümkin däl” diýip, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Stambulda palestin wekilleri bilen duşuşygynda aýtdy.

Ysraýyl hökümeti “Azatlyk flotiliýasy” gämisinde palestinlilere tarapdar dokuz türk aktiwistiniň heläk bolmagyna gynanç bildiripdi, emma ysraýyl harbylarynyň özüni goramak üçin ot açandygyny aýdyp, ötünç soramakdan ýüz öwrüpdi.
XS
SM
MD
LG