Sepleriň elýeterliligi

Latwiýada umumymilli referendum geçirildi


Şenbe güni Latwiýada ýurduň parlamentini - Seýmini dargatmak boýunça umumymilli referendum geçirildi.

Ses berişlik önki prezident Waldis Zatlersiň inisiatiwasy boýunça geçirildi, ol korrupsiýany ýaşyrmakda deputatlary aýyplady.

Eger ses bermäge gatnaşanlaryň ýönekeý köplügi teklibi goldasa, Seým dargadylar. Şeýle ýagdaýda ýakyn iki aýda parlament saýlawlary geçiriler.

Soňky çaklamalara görä, latwiýaly saýlawçylaryň köplügi Seými dargatmak teklibini goldaýar.
XS
SM
MD
LG