Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda 13 talyp ýok edildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda, Owganystan bilen serhetde ýerli tire-taýpalaryň öz-özüni goraýan güýçleri anna we şenbe güni azyndan 13 talyby ýok etdiler.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, Kurram etrabynda bolan çaknyşykda ýerli otrýadyň söweşijilerinden birnäçesi ýaralanypdyr.

Şu etrapdaky obalaryň birinde öz komandiriniň ýakynda öldürilendigi sebäpli, onuň aryny almak üçin talyplaryň eden hüjüminiň serpikdirilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG