Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti Çawes ýene-de Kuba barar


Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawes rak – düwnük keseliniň bejergisini dowam etdirmek üçin ýene-de Kuba gitjekdigini anna güni yglan etdi.

56 ýaşly Hugo Çewesiň täzeden saýlanmak tamasy bilen geljek ýyl boljak prezident saýlawlary kampaniýasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

30 million töweregi ilatly Wenesuelanyň ägirt uly nebit gorlaryna eýedigi we Nebit eksportýorlary guramasyna (OPEC) agzalygy üçin bu ýurtdaky ýagdaý dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
XS
SM
MD
LG