Sepleriň elýeterliligi

Mazari-Şerifde howpsuzlyga gözegçilik ýerli güýçlere tabşyryldy


Şenbe güni NATO güýçleri Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň merkezi Mazari Şerif şäheriniň howpsuzlygyna gözegçiligi ýerli owgan güýçlerine tabşyrdylar.

Welaýatyň häkimi Atta Muhammet Nur dabarada çykyş edip: “Ýurtda howpsuzlygy üpjün etmegi hemişelik halkara güýçleriň üstüne atmak dogry bolmaz” diýdi.

Owganystanyň tutuş territoriýasyna gözegçiligi daşary ýurt güýçlerinden hökümet güýçlerine geçirmek 2014-nji ýylyň ahyryna planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG