Sepleriň elýeterliligi

Eýran alymyň öldürilmeginde ABŞ-ny, Ysraýyly aýyplady


Ýekşenbe güni Eýranyň parlamentiniň spikeri Ali Larijani şenbe güni Tähranda eýranly alymyň atylyp öldürilmeginde Birleşen Ştatlary we Ysraýyly aýyplap çykyş etdi.

Döwlet telewideniýesinde eden bu çykyşynda ol şenbe günündäki ýaragly hüjümi “terrorçylykly akt” diýip atlandyrdy.

Eýranyň häkimiýetleri şenbe güni Tähranyň eteginde näbelli ýaragly adamlaryň atan okundan Tähranyň Hajeh Nasir uniwersitetiniň elektronika fakultetiniň studenti Dariuş Rezainejatyň ölendigini aýdýarlar.

Emma şenbe güni wakanyň yzýany peýda bolan maglumatlarda bu hüjümde ýadro ugrundan bilermen, fizika professory Dariuş Rezainiň ölendigi habar berlipdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Eýranda ýadro ugrundan işleýän birnäçe alym gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG