Sepleriň elýeterliligi

Latwiýada köpçülik parlamenti dargatmaklygyň tarapdary


Şenbe güni Latwiýada ýurduň parlamentini dargytmak meselesi boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri ses berijileriň aglaba köpçüliginiň parlamenti dargatmaklyga ses berendigini görkezýär.

Latwiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, häzirki wagta çenli berlen sesleriň üçden iki bölegi sanalypdyr. Şol sanalan sesleriň 95 prosente golaýy ýurduň parlamentini dargytmaklygy goldapdyr.

Bu bolsa şu ýylyň sentýabrynda ýurtda möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini aňladýar. Ozalky parlament saýlawlary Latwiýada geçen ýylyň oktýabrynda geçirilipdi.

Parlamenti dargatmak meselesi boýunça referendum geçirmek ideýasyny şu ýylyň başynda ýurduň ozalky prezidenti Waldis Zatlers öňe sürüpdi. Ol Latwiýanyň parlament deputatlaryny korrupsiýada güman edilýän oligarhlary bikanun ýollar bilen goramakda aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG