Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki hüjümde üç sany türk esgeri öldürildi


Türkiýäniň hökümet resmileri şenbe güni agşam ýurduň günorta-gündogaryndaky Mardin prowinsiýasynda kürt söweşijileriniň amala aşyran hüjüminde üç sany türk esgeriniň ölendigini habar berdiler.

Türkiýäniň resmileri bu hüjümiň ýurtda gadagan edilen Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň söweşijileri tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürýärler.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Türkiýäniň şu Mardin prowinsiýasynda kürt söweşijileri bilen harbylaryň arasynda birnäçe ýaragly çaknyşyklar ýüz berdi.
XS
SM
MD
LG