Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa: Norwegiýadaky hüjümi bir adam amala aşyrdy


Ýekşenbe güni Norwegiýanyň polisiýasy 22-nji iýulda bu ýurtda amala aşyrylan bomba partlamasynyň we ýaragly hüjümleriň jogapkärçiligini 32 ýaşly Anders Breýwikiň bir özüniň öz üstüne alandygyny mälim etdi.

Žurnalistlere beren interwýusynda Oslo şäheriniň polisiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Sweinung Sponheim: “Ol bomba hüjüminiň hem-de adada öldürilen adamlaryň ölümi bilen baglanyşykly wakalaryň jogapkärçiligini öz üstüne aldy” diýip, belledi.

Ýöne polisiýanyň resmileri tussag edilen Anders Breýwigiň bu görkezmelerine garamazdan, oňa bu işde ýardam beren adamlaryň bolan bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýarlar.

Anna güni Oslo şäheriniň merkezinde amala aşyrylan bomba partlamasynda 7 adam ölüpdi.

Şol partlamanyň yzýany Oslodan 40 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Utoeýa adasynda Anders Breýwik ýurduň Zähmet partiýasynyň ýaş agzalarynyň ýygnanyşygynyň geçýän ýerine ýaragly hüjüm etdi.

Häzirki wagta çenli bu wakada azyndan 85 adamyň ölendigi anyklanyldy.
XS
SM
MD
LG