Sepleriň elýeterliligi

Bilim ýoly — arman ýoly


Döwletow: "Türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň ýüreginde okuwa bolan höwes gury arman bolup galýar".

Döwletow: "Türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň ýüreginde okuwa bolan höwes gury arman bolup galýar".

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ojaklarynyň sanynyň artdyrylyşyna daşyndan syn etseň, diňe «tüweleme» diýäýmek galýar. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki bölümi, Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň Türkmen oba hojalyk instituty (Daşoguz şäherinde), Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty...

Ine, ýurtda öňden bar bolan onlarça ýokary okuw mekdepleriniň üstüne ýene açylan ýokary okuw mekdepleriniň sanawy. Bu ýyl Türkmenistanda bularyň üstüne ýene bir täze ýokary okuw mekdebi —Türkmen döwlet maliýe instituty açyldy. Her ýyl hem her bir ýokary okuw mekdebine alynmaly talyplaryň sany artdyrylýar. Bu okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeli talyplaryň sany ýene 600 adam köpeldilipdir.

Geçen ýyl öňki wise-premýer Hydyr Saparlyýew öz hasabatynda 2010-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sine 5445 sany talybyň kabul edilendigini mälim edipdi. Eger-de bu ýylky alynmaly talyplaryň 600 möçberinde artdyrylandygyny nazara alsak, onda 2011-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerin alty müňden gowrak talyp kabul ediler.

Munuň üstesine-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi Belarus respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ençeme hünärler boýunça seçip alyş işini geçirýändigini ýurduň metbugatynda mälim etdi.

Bu zatlara syn edeniňde Türkmenistanda bilime tarap örän giň ýol açylýandygyna ynanasyň gelýär. Emma şunça ýokary okuw mekdepleriniň döredilmeginiň, okuwa kabul edilmeli talyplaryň sanynyň ýylsaýyn artdyrylmagynyň netijesinde ýurduň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeli talyplaryň sany bary-ýogy alty müňden çala geçýär. Bu hakykaty bileniňde welin, «weý» diýeniňi bilmän galýarsyň.

100,000 / 6,000

Her ýyl ýurduň orta mekdeplerini tamamlaýan ýüz müňden gowrak ýaşlaryň hemmesiniň okuwa kabul edilmeli alty müň okuwçynyň biri bolup bilmejegi köre hasa. Garyp-gasarlaryň çagalary hem-de uly wezipelerde daýylary işlemeýänler bilim ojagyny gaýry ýurtlardan gözläp, ýene ýat ülkelere ýola düşmeli bolýarlar. Aýratyn-da, öň Gyrgyzystan respublikasynyň okuw jaýlaryndan yzyna getirilen talyplara Türkmenistanyň okuw jaýlarynda-da, Türkmenistanyň halaýan ýurtlarynyň okuw jaýlarynda-da orun ýok. Gyrgyzystanda ýüz beren wakalarda türkmen ýaşlarynyň hiç hili günäsi bolmasa-da, ýurt olaryň döşünden erjellik bilen itýär. Olar öz ykballaryny özleri çözmeli bolandyklary üçin öz hasaplaryna okuw okamaga ýola düşýärler.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip bilmeýän türkmen ýaşlary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden ýagdaýlarynyň ýetenine gidýärler. Moskwanyň eteginde (Podmoskowýede) ýerleşýän ýokary okuw mekdepleri hem her ýyl türkmen ýaşlarynyň ençemesine gujak açýar. Ol ýerde okamak üçin bir ýylda 1,500 amerikan dollaryny tölemeli bolýar. Iýmit üçin hem şonçarak pul çykarmaly. Iki tarapa gidip-gelmeli ýol puluň bilen, bir ýylda jemi 3,500 amerikan dollary gerek bolýar. Okuwyň möhleti bäş ýyl. Bäş ýylda 17,500 amerikan dollaryny çykarmaly. Garaz, geýim-gejim, kitapdyr başga gerekli zatlar, köwüş üçin hem 2,500 dollar sowmaly bolsa, talyp ýokary bilim alyp gelýänçä azyndan ýigrimi müň amerikan dollary gerek. Beýle puly tapmak köp maşgalalara başartmaýar. Şeýle bolansoň, türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň ýüreginde okuwa bolan höwes gury arman bolup galýar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG