Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň iki welaýatyna täze häkim bellendi


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň iki welaýatyna täze häkim belledi.

Samir Osman al-Sheih ýurduň Yrak bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Deir el-Zur welaýatynyň häkimi boldy. Bu sebitde soňky aýlaryň dowamynda köpçülikleýin protestler geçirilipdi.

Kuneitra welaýatynyň täze häkimi bolsa, Hussein Arnus boldy. Siriýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu welaýatyň düzüminde Ysraýyl tarapyndan okkupirlenen Goland beýikligi hem ýerleşýär.

Bu aralykda, Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sarjeh obasyna hüjüm edip, ol ýerde köpçülikleýin tussag ediş çärelerini geçiripdirler. Bu barada aktiwistler habar berýärler.
XS
SM
MD
LG