Sepleriň elýeterliligi

Pauerlifting: türkmen sportsmeni rekord täzeledi


Dopingden azat pauerlifting boýunça Bütindünýä federasiýasy (WDFPF) tarapyndan geçirilen halkara ýaryşda türkmen sportsmeni Wepa Nurnazarow bäş altyn, bir kümüş medaly aldy.

Şeýle-de ol bu ýaryşda bäş gezek dünýä rekordyny täzelemegi başardy.

Birleşen Ştatlaryň Miçigan ştatynyň Maskigon şäherinde geçirilen ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 200 töweregi sportsmen gatnaşdy.

Pauerlifting bilen dört ýyl bäri meşgullanyp gelýän Wepa Nurnazarowyň bu ýaryşdaky üstünliklerini hem hasaba alanyňda, onda ol 17 sapar dünýä rekordyny goýmagy başardy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG