Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Madridde işsizlige garşy demonstrasiýa geçirildi


Ispaniýanyň paýtagty Madridde ýurtdaky ýokary derejeli işsizlige protest bildirip, müňlerçe adam demonstrasiýa geçirdi.

Ýygnanalar ykdysady çökgünligiň hötdesinden gelmek üçin gyssagly çäreleleriň geçirilmegini hem talap etdiler.

Ýekşenbe güni geçirilen demonstrasiýa ýurduň 30 töweregi şäherinden adamlar gatnaşdy. Käbir adamlar paýtagta çenli ýöräp bardylar. Bu olaryň bir hepdä golaý wagtyny aldy.

Ispaniýada işsizligiň derejesi 21%-e deň. Bu beýleki Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende iň ýokary görkezijidir.
XS
SM
MD
LG