Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Straus-Kany aýyplaýan zenan metbugatda çykyş etdi


Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygy Dominik Straus-Kana özüni zorlamakda aýyplama bildiren myhmanhana işgäri ilkinji gezek metbugatda çykyş etdi.

Asly Afrikanyň Gwineýa döwletinden bolan Nafissatu Diallo Birleşen Ştatlaryň “Newsweek” žurnalyna, şeýle-de “ABС news” telekanalyna interwýu berdi.

32 ýaşly Diallonyň aýtmagyna görä, onuň dogruçyllygy barada şübheleriň döremegi oňa köpçülikde çykyş etmäge itergi beripdir.

Straus-Kanyň aklawçylary Diallonyň beren interwýularyny tankytladylar.
XS
SM
MD
LG