Sepleriň elýeterliligi

Terrorçylyk howpy we Türkmenistan


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýaraglara gözegçilik boýunça ofiserleri Germaniýada geçirilen türgenleşdiriş okuwy mahalynda, 2007-nji ýyl.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýaraglara gözegçilik boýunça ofiserleri Germaniýada geçirilen türgenleşdiriş okuwy mahalynda, 2007-nji ýyl.

Golaýda Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk departamenti “Howp döretmäge ýakyn daşary ýurt raýatlaryna gözegçilik” atly hasabatyny ýaýradypdy. Hasabatda “Terroristik guramalara we olaryň agzalaryna hemaýat we goldaw bermek meýillerini görkezýän” 36 ýurduň sanawy berildi.

Birleşen Ştatalaryň Migrasiýa gullugy bu sanawa Merkezi Aziýanyň Gyrgyzystandan başga ähli döwletlerini, şol sanda Türkmenistany hem girizipdir. Şeýle-de sanawda Owganystan, Eýran, Yrak, Alžir we Pakistan ýaly döwletler hem bar.

Maý aýynda ýaýradylan bu hasabatda berlen ýörite sanawa giren döwletleriň raýatlaryna terrorizme nähilidir bir görnüşde dahyly bolmakda şübhe bildirilip, olar saý-sebäp bilen Birleşen Ştatalaryň Migrasiýa gullugy tarapyndan saklananda, goşmaça barlag çäreleriniň geçirilmegi talap edilýär.

Birleşen Ştatalaryň terrorizme garşy alyp barýan halkara göreşinde Waşingtonyň ýaranlary we hyzmatdaşlary saýylýan Türkiýe, Gazagystan we Türkmenistan ýaly döwletleriň şol sanawa girizilmegine nägilelikler hem döredi.

Esas barmy?

Emma käbir synçylar bu ýagdaýy Türkmenistanyň Owganystan we Eýran ýaly döwletler bilen serhetdeşdigi bilen düşündirýärler.

Türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünowyň pikirine görä, bu meselede Türkmenistanyň geografik ýerleşişine syýasy nukdaýynazardan syn edilse, ýurduň bu sanawa goşulmagyna esas bar.

“Türkmenistanyň Owganystan bilen gatnaşyklary barada gürrüň edilse, Nyýazowyň hökümeti talyplaryň hökümeti bilen hem, demirgazyk alýans bilen hem elmydam hyzmatdaşlykda bolupdy. Şol döwürde bikanun ýarag söwdasy hem edilipdi. Bu ýagdaýa delil boljak maglumatlar bizde bar” diýip, Söýünow aýdýar.

“Onsoňam Amerika şeýle duýduryş girizýän bolsa, olarda oňa esas bolmaly. Sebäbi dünýänin iň ösen döwletleriniň gizlin gulluklary hem has ösen bolmaly” diýip, Söýünow sözüniň üstüni ýetirdi.

Söýünow Türkmenistanyň bu aýratyn sanawa goşulmagynyň ýene-de bir sebäbini döwlet serhediniň berk goralmaýandygynda görýär: “Serhetde gizlin neşe we tirýek söwdasy edilýär. Öz serhedini berk gorap bilmeýän döwlet, elbetde, öz üstünden terrorçylary geçirip biler”.

Awtoritarizm

Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlygy gullugynyň öňki başlygy Miroslaw Nyýazow, umuman, Merkezi Aziýa regionynyň Fergana jülgesindäki terror toparlarynyň regionyň islendik böleginde, şol sanda Türkmenistanda hem terrorçylyk hüjümini amala aşyryp biljekdigini, regionda höküm surýän awtoritar režimleriň hem terror hüjumleriniň amala aşyrylmagyna sebäp bolup biljekdigini öňe sürýär.

“Regionyň döwletleriniň arasynda Gyrgyzystan demokratik döwlet hasaplanýar. Beýlekileri awtoritar. Demokratiýa bar ýurtda terrorçylyk hüjüminiň amala aşyrylmagynyň ähtimaly az. Awtoritar döwletler terror hüjümleriniň aktiwliginiň çeşmesi hasaplanýar” diýip, Nyýazow aýdýar.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk meseleleri boýunça eksperti Ymamberdi Jalylow şeýle hasabatlaryň her bir ýurtdaky syýasy hukuklaryň derejesine, şeýle-de dini erkinlikleriň derejesine görä ýaýradylýandygyny belleýär.

“80-nji ýyllaryň ortasynda Owganystana SSSR-iň harby güçleri girizilende, Owganystandaky “Özbegistan yslamy hereketiniň” agzalary Türkmenistandan gaçybatalga tapypdylar. Belki, bu ýagdaý amerikalylaryň ýadynda bolmagy mümkin” diýip, Jalylow aýdýar.

“Terrorçylyk howpuny salýan ýurtlar” atly ilkinji hasabat mundan 7 ýyl öň prezident Jorj Buşuň inisiatiwasy bilen ýaýradylypdy.

Türkmenistanyň bu hasabata girizilmeginiň sebäpleri barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy maglumat bermekden saklandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG