Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolgadaky gämi heläkçiliginde ölenleriň sany 122


Duşenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri ýakynda Wolga derýasynda suwa gark bolan «Bulgariýa» gämisinden iň soňky gözlenilýän iki jesediň hem tapylandygyny habar berdiler. Şeýlelikde, bu gämi heläkçiliginde ölen adamlaryň jemi sany 122-ä ýetdi.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça regional bölüminiň maglumatyna görä, 10-njy iýulda Tatarystan respublikasynda ýüz beren bu gämi heläkçiliginde ölen adamlardan 72-si aýal-gyzlar, 28-si çagalar we 22 sanysy hem erkek adamlar.

Hökümet resmileri 56 ýyl mundan ozal gurlan bu gämide tehniki näsazlyklaryň bolandygyny aýdýarlar.

Ýurduň hukuk goraýjy organlary bu heläkçilik bilen baglanyşykly birnäçe adamy tussag etdiler.
XS
SM
MD
LG