Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidenti kawkaz ýurtlaryna sapar edýär


Duşenbe güni Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowskiý Kawkaz ýurtlary bolan Azerbaýjana, Gürjüstana hem-de Ermenistana sapara ugrady.

Häzirki wagt Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Polşanyň döwlet lideri öz saparynyň başyny Azerbaýjandan başlar.

Ol bu saparynyň barşynda azeri prezidenti Ylham Alyýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Maglumata görä, bu gepleşiklerde käbir beýleki ugurlar bilen birlikde, Azerbaýjanyň nebitini Polşa we Ýewropa Bileleşiginiň käbir beýleki ýurtlaryna akdyrmak meseleleri barada-da gürrüň ediler.
XS
SM
MD
LG